"Azat Türkmen" – asly türkmenistanly garaşsyz žurnalist Allamyrat Rahymowyň şahsy media platformasy. Türkmen edebi dilinde alnyp barylýan bu kanal özüni Türkmen Dünýäsi bilen baglanyşdyrýan adamlaryň dünýägaraýşynyň giňelmegine we olaryň azat şahsyýetler hökmünde hemmetaraplaýyn kämilleşmeklerine ýardam etmek maksady bilen döredildi. Bu kanalda dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan türkmen dilli tomaşaçylar Türkmenistan bilen bagly möhüm wakalar, dünýä syýasaty, syýasatyň syrly tilsimleri, dünýäniň hoşniýetli we betniýetli güýçleri, taryhyň unudylan ýa-da bilinmeýän sahypalary, tersokanlyk we dürsokanlyk, edebiýat we sungat, din we pelsepe ýaly temalardan gyzykly, geň we pikirlendiriji maglumatlar bilen yzygiderli tanşyp durarlar.